Nebit ýene-de gymmatlaýar: «Brent» - $66,58, «WTI» - $59,75

28-nji dekabrda Londonyň «ICE Futures» biržasynda «Brent» söwda belgili nebitiň bir barreliniň bahasy 0,21 göterim ýokarlanyp, 66,58 amerikan dollaryna, şeýle-de Nýu-Ýorkuň «NYMEX» haryt biržasynda «WTI» söwda belgili nebitiň bahasy 0,18 göterim aşaklap, 59,75 amerikan dollaryna barabar boldy.

Liwiýada nebitiň çykarylyşynyň bir günde 1 mln barrelden hem aşak düşendigi, ABŞ-nyň nebit ätiýaçlyklarynyň hem pese düşmegini dowam edýändigi baradaky habaryň netijesinde nebitiň ýörgünli kysymlarynyň bahasy 27-nji dekabrda ýokarlanmagyny dowam etdi.

Sişenbede söwdalaryň netijesinde «Brent» söwda belgili nebitiň bir barreliniň bahasy 0,87 göterim pese düşüp, 66,44 amerikan dollaryna deň boldy. «WTI» söwda belgili nebitiň bahasy 0,55 göterim aşaklap, 59,64 amerikan dollaryna barabar boldy.

Liwiýanyň iri eksport terminaly bolan Es-Sidrden ugradylýan nebitiň möçberi 26-njy dekabrda turba geçirijide bolan partlamadan soňra mümkin bolan kuwwatlylygyndan 50 göterim pes bolmagynda galýar. Abatlaýyş işleriniň takmynan bir hepde dowam etmegine garaşylýar.

Amerikanyň nebit institutynyň (API) berýän maglumatlaryna görä, ABŞ-nyň harytlyk nebit ätiýaçlyklary 22-nji dekabrda tamamlanan hepdede 6 mln barrel azaldy.

Roždestwo sebäpli ABŞ-nyň Energetika ministrligi ýurduň harytlyk nebit ätiýaçlyklary baradaky hasabatyny adatdakysyndan bir gün soňra – penşenbe güni neşir edýär. Garaşylmagyna görä, ätiýaçlyklar 3,97 mln barrel azaldyldy.

Noýabr aýynda Ýaponiýa nebitiň importyny ýyllyk aňlatmada 5,9 göterim artdyryp, 15,86 mln kilolitre ýetirdi. Muňa ykdysadyýet, söwda we senagat ministrliginiň maglumatlary şaýatlyk edýär.

ABŞ-da we Ýewropada Roždestwo hem-de Täze ýyl baýramçylyklarynyň arasyndaky döwürde söwda möçberleri o diýen ýokary bolmaýar.

Liwiýada iri eksport terminaly bolan Es-Sidre nebit iberilýän nebit geçirijide partlamanyň bolandygy baradaky habardan soňra, bahalar dessine ýokarlandy. Waha Oil Co. Nebit geçirijiniň operatory bolup durýar. Ol liwiýa döwlet kompaniýasy bolan National Oil Corp. we Hess Corp., Marathon Oil Corp. we ConocoPhillips amerikan kompaniýalarynyň bilelikdeki kärhanasydyr. Waha nebit önümçiligini günde 260 müň barrel bolanlygyndan 60-70 müň barrele çenli azaltdy.

Muňa garamazdan Forties-iň operatory Ineos kompaniýasy demirgazyk deňiz nebit geçirijisiniň doly derejede işe ukyplylygyny (günde 450 müň barrel) eýýäm 1-2-nji ýanwarda ýola goýjakdygyny belledi.

Meňzeş täzelikler

2014