2018-nji ýylda nebite bolan isleg boýunça çaklama bir günde 200 müň barrele çenli ýetirildi

Halkara energetika agentligi (HEA) 2017-nji we 2018-nji ýyllarda nebite bolan isleg boýunça çaklamasyny günde 200 müň barrele çenli artdyrdy. 2017-nji (1,6 göterim) we 2018-nji (1,3 göterim) ýyllarda nebite bolan islegiň ösüş depgini şol öňki derejesinde galdyryldy. Bu barada Rus Nebitgaz habarlary agentligi aýlyk synynda beýan edýär.

Nigeriýa, Germaniýa we Yrak boýunça maglumatlar gaýtadan seljerildi.

HEA-nyň çaklamasyna görä, dünýä boýunça nebite bolan isleg bir günde 97,8 mln barrel, 2018-nji ýylda bolsa bu görkeziji 99,1 mln barrele ýeter, diýip Finmarket habar berýär.

Agentligiň bellemegine görä, YHÖG ýurtlarynyň nebit ätiýaçlyklary oktýabr aýynda 40,3 mln barrel aşak düşüp – 2,94 mlrd barrele ýetdi. Bu görkeziji 2015-nji ýylyň iýulyndan bäri iň pes görkezijidir. Häzir bu görkeziji ortaça bäşýyllyk derejeden 111 mln barrel ýokarydyr. Mümkin, Hytaýyň nebit ätiýaçlyklary şu ýylyň içinde ilkinji gezek oktýabr aýynda aşak düşendir.

Meňzeş täzelikler

2014