Türkmenistanda Nebitgaz senagaty we geologiýa pudaklarynyň işgärleriniň güni bellenip geçildi

Şu gün Türkmenistanyň Nebitgaz toplumynyň Merkezi binasynda dabaraly maslahat geçirildi. onuň dowamynda Nebitgaz senagaty we geologiýa pudaklarynyň işgärleriniň güni mynasybetli önümçiligiň öňdebaryjylaryna sowgatlar gowşuryldy. Dabaranyň çäklerinde baýramçylyk maslahaty hem geçirildi. Onda toplumyň işgärleri çykyş etdiler.

Dabaraly çärä ýurduň ähli künjeginden nebitgaz toplumynyň hünärmenleri gelipdir. Belli nebitçiler, gazçylar, geologlar we toplumyň beýleki işgärleri baýramçylyk dabarasynyň baş gahrymanyna öwrüldiler. Olara gül desseleri, Hormat hatlary we gymmatbahaly sowgatlar gowşuryldy. Türkmenistanyň Nebitgaz toplumynyň 150-den gowrak işgärine sowgatlar gowşuryldy.

Şeýle hem dabaranyň çäklerinde «Nebit-gaz» gazetiniň redaksiýasy «Nebit-gaz — baýlygym, hazyna-genjim, waspyň etsin diller saňa buýsanjym!», şeýle hem «Sagdynlyk — ruhubelentligiň gözbaşy» atly döredijilik bäsleşiginiň ýeňijilerini dabaraly ýagdaýda sylaglamak çäresini geçirdi. «Türkmengaz» döwlet konserni, Nabitgaz toplumynyň işgärleriniň Kärdeşler arkalaşygy we «Nebit-gaz» gazetiniň redaksiýasy bu bäsleşigiň guramaçylary bolup çykyş etdiler.

Bu bäsleşik gazetiň redaksiýasy tarapyndan şu ýylyň ýanwarynda nebitgaz toplumynyň üstünliklerini we gazananlaryny aýdyň şöhlelendirýän iň gowy makala, oçerk, fotoreportaž, goşgy boýunça yglan edilipdi. Bäsleşigiň ýeňijilerine Hormat hatlary we gymmatbaha sowgatlar gowşuryldy.

Günüň ikinji ýarymynda Türkmenistanyň Nebitgaz toplumynyň Medeni-işewürlik merkezinde baýramçylyk konserti geçirildi. tomaşaçylaryň öňünde türkmen estradasynyň meşhur artistleri we sungat toparlary çykyş etdiler.

Meňzeş täzelikler

2014