ABŞ Türkmenistan bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy ýola goýmaga gyzyklanma bildirýär – Erik Stýuart

ABŞ-nyň işewür toparlary ykdysady ösüşiň okgunly depginlerini görkezýän Türkmenistan bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmäge ýokary gyzyklanma bildirýärler. Bu barada Türkmen-amerikan işewürler geňeşiniň ýerine ýetiriji direktory Erik Stýuart Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow bilen söhbetdeşlikde beýan etdi.

Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň ähli gyzyklanýan daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen özara bähbitli gatnaşyklary alyp barmaga hemişe açykdygyny aýdyp, ýurdumyzda eýýäm birnäçe ýyl bäri üstünlikli işläp gelýän iri amerikan kompaniýalary bilen hyzmatdaşlygyň netijeli häsiýetini kanagatlanma bilen belledi.

Duşuşygyň barşynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny mundan beýläk-de ösdürmegiň geljegi barada pikir alşyldy. Türkmenistanda durmuşa geçirilýän giň möçberli özgertmeler maksatnamalary we dürli pudaklardaky taslamalar däp bolan işewür gatnaşyklary köp ugurly ösdürmek üçin amatly mümkinçilikleri döredýär. Halk hojalyk toplumynyň senagatlaşdyrylmagyny çaltlandyrmaga, ýokary tehnologiýaly önümçilikleri döretmäge ugur alan ýurdumyz öňdebaryjy işläp taýýarlamalaryň we innowasiýalaryň ornaşdyrylmagyna, iň oňat dünýä tejribeleriniň çekilmegine aýratyn ähmiýet berýär.

Şunuň bilen baglylykda, söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmegiň, onuň baý mümkinçiliklerini amala aşyrmagyň, maýa goýum işjeňligini höweslendirmegiň netijeli guraly hökmünde özüni görkezen ikitaraplaýyn işewürler geňeşiniň we bilelikdäki işewürler maslahatlarynyň möhüm orny bellenildi.

Türkmen-amerikan özara gatnaşyklarynyň möhüm ugurlarynyň hatarynda energetika toplumy, ulag we aragatnaşyk, senagat, oba hojalygy, ýokary tehnologiýalar ulgamlary we beýlekiler görkezildi.

Meňzeş täzelikler

2014