Owganystanda TOPH gaz geçirijisiniň gurluşygynyň meseleleri maslahatlaşyldy

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Daşary işler ministri R.Meredowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Owganystan Yslam Respublikasyna iş saparyny amala aşyrdy. Gepleşikleriň dowamynda söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmagyň meseleleri, taslamalary durmuşa geçirmek, şol sanda —Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň gurluşygynyň taslamasy ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu barada Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň saýtynda habar berilýär.

Hususan-da, bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň wekiliýeti Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Mohammad Aşraf Gani tarapyndan kabul edildi. Türkmenistanyň Daşary işler ministri Owganystanyň Prezidentine we halkyna Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň hormatyny we gyzgyn salamyny ýetirdi we türkmen ýolbaşçylygynyň biziň ýurdumyzyň we halkymyzyň uzakmöhletleýin gyzyklanmalaryna jogap berýän ikitaraplaýyn gatnaşyklaryny has ýokary derejä çykarmak boýunça taýýardygyny tassyklady.

Gepleşikleriň dowamynda taraplar syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarda hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmagyň möhümdigini bellediler. Gurluşyk ulgamynda hyzmatdaşlygy giňeltmegiň we Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň işe goýberilmeginiň möhümdigi bellenildi.

Media-Turkmen Orient habarlar agentliginiň üstüni ýetirişi ýaly, Owganystanyň Prezidenti TOPH taslamasy boýunça işleri tiz wagtda amal edip başlamakda degişli ýolbaşçylara dürli komitetler bilen ikitaraplaýyn gatnaşyklary ýola goýmaklygy tabşyrdy. Ganiniň belleýşi ýaly, ol bu ägirt uly taslamanyň owgan topragynda gurluşygynyň başlanmagyna sabyrsyzlyk bilen garaşýar. Onuň aýtmagyna görä, TOPH taslamasy ýöni bir gaz geçiriji bolman, ol elektrik geçiriji we optika-süýümli aragatnaşygyň çekilmeginiň dowamydyr.

Soňra Owganystanyň Daşary işler ministri S.Rabbani bilen duşuşyk geçirildi. Türkmen wekiliýetini gutlap, S.Rabbani Owganystan Yslam Respublikasynyň, Azerbaýjan Respublikasynyň, Gruziýanyň, Türkiýe Respublikasynyň we Türkmenistanyň arasyndaky Ulag we üstaşyr hyzmatdaşlygy hakyndaky  Ylalaşygynyň kabul edilmegi esasy ýetilen sepgit bolan RECCA VII maslahatynyň üstünlikli geçirilendigi üçin minnetdarlyk bildirdi, diýip Türkmenistanyň DIM-i habar berýär.

Türkmenistanyň wekiliýetiniň ýolbaşçysy öz gezeginde, Owganystan bilen bähbitli we geljegi uly gatnaşyklary ýola goýmagyň mümkinçiliklerini subut edýän türkmen-owgan syýasy we ykdysady dialogyny üstünlikli özara gatnaşyklaryň nusgasy diýip atlandyryp bolar diýip belledi.  

Şeýle hem habar berlişi ýaly, Türkmenistanyň Daşary işler ministri OYR-nyň ýerine ýetiriji häkimiýetiniň Başlygy Abdulla Abdulla, Owganystanyň Maliýe ministri, türkmen-owgan Hökümetara toparynyň owgan tarapyndan başlygy Eklilo Hakimi we Owganystanyň Goranmak ministri Tarikşa Bahrami bilen duşuşdy. Mundan başga-da, Türkmenistanyň wekiliýetiniň ýolbaşçysynyň BMG-niň Owganystana ýardam bermek boýunça ýörite gullugynyň başlygy T. Ýamamoto bilen duşuşygy geçirildi.

Meňzeş täzelikler

2014