Aşgabatda gol çekilen «Lýapis Lazuli» halkara ulag-üstaşyr geçelgesini döretmek hakynda Ylalaşyk Aziýadan Ýewropa göni söwda ýoluny açýar

Aşgabatda geçirilen Owganystan boýunça 7-nji sebit ykdysady hyzmatdaşlyk maslahatynyň (RECCA VII) ministrler derejesindäki mejlisinde Owganystan — Türkmenistan — Azerbaýjan — Gruziýa — Türkiýe «Lýapis Lazuli» täze halkara ulag geçelgesini döretmek hakynda bäştaraplaýyn Ylalaşyga gol çekildi.

Owganystan Yslam Respublikasynyň daşary işler ministri Salahuddin Rabbani öz çykyşynda «Lýapis Lazuli» ulag geçelgesi boýunça ylalaşyga gol çekilmegi, gürrüňsiz suratda, Aşgabat duşugynyň möhüm wakasy boldy diýip belledi. Bu ugruň Owganystany Ýewropa we beýleki dostlukly döwletler bilen diňe bir baglanyşdyrmaga mümkinçilik bermän, eýsem, biziň ýurtlarymyzy birek-birege ýakyn edip, söwdanyň, üstaşyr geçirmegiň we maýa goýumlaryň has-da ösdürilmegi üçin mümkinçilikleri döretjekdigini belledi.

Maslahatda bellenilişi ýaly, «Lýapis Lazuli» ulag geçelgesi — Owganystan-Türkmenistan-Azerbaýjan-Gruziýa-Türkiýe multimodal ulag geçelgesi geljekde Aziýa bilen Ýewropanyň arasyndaky söwda-ykdysady we medeni köprä öwrüler.

— «Lýapis Lazuli» ulag geçelgesi boýunça ylalaşyk sebitde iň bir möhüm ylalaşyklaryň biridir. Uzak geljekde ol sebitde söwda aragatnaşyklarynyň giňelmegine, sebit aragatnaşyklar ugurlaryny ýola goýmaga, üstaşyr geçirmeler we söwda ulgamynda päsgelçilikleri aradan aýyrmaga ýardam eder — diýip TOLO News owgan agentligi Owganystanyň DIM-iniň ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça direktory Hasan Soruşyň aýdanlaryny getirýär.

Awtomobil, demir ýol, deňiz we howa ugurlarynyň toplumy Farýap welaýatynda Akina şäherini, Hyrat welaýatynda Turgundy, Türkmenistandaky port şäheri Türkmenbaşyny, Azerbaýjanda Bakuny, Gruziýada Tbilisini, Potini we Batumany hem-de Türkiýede Stambul, Kars şäherlerini birleşdirer. Soňlugy bilen Ýewropanyň ulag ulgamyna düşer.

Taslama ulag infrastrukturasyny (awtomobil, demir ýol we deňiz) döwrebaplaşdyrmagy hem-de gatnaşyjy döwletleriň gümrük integrasiýasyny, şol sanda gümrük işlerini hem-de telekeçilere işewürlik wizalaryny bermegiň tertibini ýeňilleşdirmek arkaly integrasiýalaşdyrmagy göz öňünde tutýar. Ýakyn wagtda Türkmenbaşydaky Halkara deňiz portunyň ulanyşa girizilmegi bu taslamanyň iş ýüzünde durmuşa geçirilip başlanmagyny tizleşdirer.

Bahasy 2 mlrd amerikan dollaryndan gowrak bolan «Lýapis Lazuli» ulag geçelgesi boýunça institusional hyzmatdaşlar hökmünde Hytaý, Gyrgyzystan, Täjigistan, Eýran, Türkiýe, ABŞ, şeýle hem Aziýa ösüş banky we Bütindünýä banky çykyş edýär.

Maslahata gatnaşýan bilermenleriň pikirine görä, ylalaşyk önümleriň aglabasynyň nyrhlarynyň arzanlamagyna, oňa gatnaşyjylara halkara bazarlaryna çykmaga, şol sanda uly bolmadyk hususy kärhanalary bilen çykmaga ýardam eder hem-de sebitde ykdysady durnuklylygy pugtalandyrar.

TOLO News agentliginde bellenilişi ýaly, RECCA-7 maslahatynda owgan wekiliýetiniň nygtaýşy ýaly, gol çekilen ylalaşyk sebitde we Owganystanda söwda we üstaşyr geçirmeler ulgamynda täze sahypa bolup durýar. «Şuňa laýyklykda, Owganystan Türkmenistana, Azerbaýjana, Gruziýa we Türkiýä çykalga alýar» - neşir Owganystanyň daşary işler ministriniň  ykdysady  hyzmatdaşlyk boýunça orunbasary Adel Razyň aýdan sözlerini getirýär.

«Biz Owganystanyň hökümeti tarapyndan öňe sürlen hem-de Türkmenistan tarapyndan giňden goldanylýan «Lýapis-Lazuli» ulag geçelgesine gatnaşmaga aýratyn ähmiýet berýäris» diýip, Gruziýanyň daşary işler ministri Miheil Janelidze maslahatda aýtdy.

Owganystanyň Söwda-senagat edarasynyň (ACCI) belleýşi ýaly, «Lýapis-Lazuli» ulag geçelgesi — bu ýükleri Owganystandan we Aziýadan Ýewropa ibermegiň iň arzan hem amatly usulydyr» - diýip TOLO News belleýär.

ACCI laýyklykda, geçelgeden peýdalanmak arkaly Owganystanyň harytlary Türkmenistanyň hem-de Hazar deňziniň üsti bilen Azerbaýjana, soňra Gruziýa, Gara deňziniň we Türkiýäniň üsti bilen Ortaýer deňzine we Ýewropa iberiler.

Meňzeş täzelikler

2014