Türkmenistan we Pakistan energetika we ulag ulgamlarynda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň meselelerini maslahatlaşdylar

Türkmenistanyň DIM-niň desgasynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredow Pakistan Yslam Respublikasynyň Federal ministr derejesindäki Meýilnamalaşdyryş Komissiýasynyň başlygynyň orunbasary Sartaj Aziz bilen duşuşdy. Bu barada ýurdumyzyň daşary syýasat edarasynyň saýtynda habar berilýär.

Türkmenistan bilen Pakistanyň arasyndaky işjeň daşary syýasy hyzmatdaşlygy belläp, taraplar ýokary derejede ýetilen ylalaşyklaryň ýerine ýetirilişini ara alyp maslahatlaşdylar.

Mundan başga-da, taraplar ikitaraplaýyn gatnaşyklarynyň ýangyç-energetika we ulag-aragatnaşyk ulgamlaryndaky geljekki ösüşine garadylar.

Gepleşikleriň dowamynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri halkara guramalaryň, hususan-da, BMG, YHG we Ykdysady hyzmatdaşlyk guramasynyň çäklerinde önjeýli köptaraplaýyn özara gatnaşyklaryna ygrarlydygyny tassyklady.

Pakistanyň Federal ministri sebitde parahatçylygy we durnuklylygy üpjün etmekde möhüm orny eýeleýän Türkmenistanyň bitaraplyk syýasatynyň işjeňligini belledi. Şu çarçuwada taraplar energetika, ulag we ykdysady ulgamlarda işleri birleşdirmek boýunça teklipleri orta atdylar. Bu bolsa öz gezeginde Aziýa yklymynyň ýurtlaryny özleriniň ykdysady mümkinçiliklerini, tebigy baýlyklaryny we geografiki ýerleşişini ulanmaga gönükdirer.

Şu nukdaýnazardan taraplar Aziýa sebitiniň ýurtlarynyň energetika, ulag we ykdysady ulgamlarda mümkinçiliklerini durmuşa geçirmekligine gönükdirilen tagallalaryny birleşdirmek barada çykyş etdiler, diýlip DIM-iň saýtynda habar berilýär.

Mälim bolşy ýaly, häzirki wagtda Türkmenistan we Pakistan ýangyç-energetika toplumynda hyzmatdaşlygyny berkidýär. Hususan-da, Inter StateGas Systems (Private) Limited pakistan kompaniýasy TAPI Pipeline Company Limited konsorsiumynyň agzasy bolup durýar. konsorsiumyň düzümine şeýle hem «Türkmengaz» DK, Owgan gaz korporasiýasy we hindi GAIL kompaniýalary girýär.

2015-nji ýylyň dekabryndan bäri Türkmenistan TOPH gaz geçirijisiniň gurluşygyny ös güýji bilen alyp barýar. Ýakynda taslama gatnaşyjylar owgan we pakistan territoriýalaryndan hem gurluşyk işleriniň başlajakdygyny habar berdiler. Şeýle hem TOPH gaz geçirijisiniň ugry boýunça Pakistana elektrik energiýasyny ibermek üçin ýokary woltly elektrik geçirijisini gurmagyň mümkinçilikleri maslahatlaşylýar.

Meňzeş täzelikler

2014