BMG Türkmenistanyň halkara hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmakda eýeleýän ornuna ýokary baha berýär - ÝUNKTAD-nyň Baş sekretary

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Owganystan boýunça 7-nji sebit ykdysady hyzmatdaşlyk maslahatyna gatnaşmak üçin paýtagtymyza gelen Birleşen Milletler Guramasynyň söwda we ösüş boýunça Konferensiýasynyň Baş sekretary Muhisa Kituýi bilen ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň geljegini ara alyp maslahatlaşdy.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň ählumumy parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmek maksady bilen, giň netijeli gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň tarapdarydygyny nygtady.

Muhisa Kituýiniň belleýşi ýaly, BMG Bitarap Türkmenistana ygtybarly we jogapkärli hyzmatdaş hökmünde garaýar we türkmen tarapynyň sebitara, halkara hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmak, häzirki zamanyň möhüm wezipeleriniň oňyn çözgüdini işläp taýýarlamak babatda eýeleýän oňyn ornuna ýokary baha berýär.

Muhisa Kituýi gatnaşyklaryň mundan beýläk-de ösdürilmegine çuňňur gyzyklanma bildirýändiklerini aýdyp, ägirt uly tebigy baýlyklara, nebitiň we gazyň bimöçber gorlaryna eýe bolan Türkmenistanyň ýurdy senagatlaşdyrmak maksatnamasyny durmuşa geçirmekde uly üstünlikler gazanýandygyny nygtady.

Şunuň bilen baglylykda, düýn Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň Hökümeti bilen BMG-niň söwda we ösüş boýunça Konferensiýasynyň arasynda hyzmatdaşlyk hakyndaky Ähtnama gol çekilmeginiň ähmiýeti bellenildi. Hususan-da, şol resminamada maýa goýumlary höweslendirmek, gümrük gullugyny hem-de ulag we aragatnaşyk ulgamyny döwrebaplaşdyrmak, Türkmenistanyň Bütindünýä söwda guramasyna girmegi bilen baglanyşykly meseleleriň öwrenilmegine goldaw bermek ýaly möhüm üç ugur kesgitlenildi.

Myhman ýurdumyzda gümrük gullugyna häzirkizaman elektron ulgamyny ornaşdyrmak we onuň üpjünçiligini ýola goýmak, şeýle hem sebitleýin ulag düzümini ösdürmek boýunça amala aşyrylýan taslamalaryň möhüm ähmiýete eýedigini nygtady.

Owganystan boýunça Aşgabatda geçirilýän 7-nji sebit ykdysady hyzmatdaşlyk maslahatynyň meseleleri boýunça gyzyklanma bildirilýän pikir alyşmalar boldy. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň goňşy ýurduň ykdysadyýetiniň giňeldilmegine ägirt uly goldaw berýändigi, dürli maksatly desgalaryň gurluşygy üçin maýa goýum serişdelerini gönükdirýändigi bellenildi.

 

Meňzeş täzelikler

2014