ÝÖTB ýakyn geljekde nebitiň 65 dollardan ýokary galjakdygyna ynam etmeýär

Ýewropanyň ösüş we täzeleniş banky (ÝÖTB) ýakyn geljekde «Brent» söwda belgili nebitiň bahalary barrel üçin 55-65 dollar aralygynda saklanar, diýlip Regional Economic Prospects bankynyň hasabatynda aýdylýar. Bu barada Trend habar berýär.

«Brent» söwda belgili nebitiň bahalary barrel üçin 55-65 dollar aralygynda saklanar, çünki islegiň artmagy ABŞ-da slanesli nebitiň artmagynyň hasabyna gazanylyp bilner» diýlip resminamada aýdylýar.

Hasabatda bellenilişi ýaly, sentýabrda nebitiň bahalary 2015-nji ýylyň tomsundan bäri iň ýokary derejesine dollaryň gowşamagy we nebite has güýçli islegiň bolmagy netijesinde ýetdi.

«Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdireniňde, nebitiň ortaça bahasy şu ýylyň ilkinji on aýynda 19 göterim ýokary boldy» diýlip hasabatda aýdylýar.

Şunuň bilen birlikde, sişenbe güni «Brent» söwda belgili nebitiň ýanwardaky fýuçersleriniň bahasy barrel üçin 63,87 dollar derejesinde saklanýar. WTI söwda belgili nebitiň dekabrdaky fýuçersleriniň bahasy barrel üçin 57,07 dollar möçberinde saklanýar. Bir gün öň, iki kysmyň bahalary hem iki ýyldan gowrak wagt bäri rekord derejede ösdi. 

Meňzeş täzelikler

2014