2040-njy ýyla çenli nebit we gaz dünýäniň energiýa deňagramlylygynda 52 göterimden gowrak orun eýelär - OPEC

2040-njy ýyla çenli dünýäde nebite bolan isleg 16,5 göterim ýokarlanyp, günde 111,1 million barrele çenli artar. Bu geçen ýylky çaklamadan günde 1,7 mln barrel ýokarydyr. Hytaý we Hindistan ösüşiň esasy çeşmeleri bolar, diýlip OPEC - World Oil Outlook (WOO) 2040 her ýylky hasabatynda aýdylýar, Ria Nowosti habar berýär.

Gurama şeýle hem 2040-njy ýyla çenli nebit bilen gazyň energiýa bolan islegi kanagatlandyrmakda möhüm wezipäni ýerine ýetirjekdigini, olaryň energiýa deöagramlylygynda paýynyň 52 göterim boljakdygyny belleýär. Dünýä bazarynda OPEC-iň nebit paýy çaklama boýunça 2016-2040-njy ýyllarda 34 göterimden 37 göterime çenli ýokarlanar.

OPEC-iň çaklamagyna görä, 2035-nji ýyldan soň, nebite bolan her ýylky isleg ösüşi günde 0,3 million barrele çenli haýallar, ýakyn geljekde (2016-2022 ýyllarda) bolsa ol çen bilen günde 1,2-1,3 mln barrele deň bolar. 2022-nji ýyla çenli nebite bolan isleg günde 102,3 mln barrele deň bolar. Ol görkeziji geçen ýylky çaklama garanyňda, günde 2,24 mln barrel köpdür.

«2035-2040-njy ýyllarda nebite bolan islegiň ortaça ösüş depgini ýokary energgiýa netijeliliginiň, dünýäde energetika syýasatynyň berkidilmeginň, şeýle hem JIÖ-niň we ilatyň ösüş depgininiň haýallalagynyň hasabyna takmynan günde 300 müň barrele çenli haýallar» diýlip çaklamada bellenilýär.

2040-njy ýyla çenli nebit dünýäniň energetika deňagramlylygynda öňdebaryjy ornuny saklar, ýöne onuň paýy 2015-nji ýylda 31 göterimliginden 27 göterime çenli aşak düşer.

Tebigy gaz, munuň tersine, öz ornuny güýçlendirer. 2040-njy ýyla çenli ol başlangyç energiýa serişdelerine islegi kanagatlandyrmakda kömürden öňe geçip, ikinji orny eýelär. Onuň paýy bolsa 21 göterimliginden 25 göterime çenli artar.

Energiýanyň gaýtadan dikeldiýän çeşmeleri depginli ösüşe eýe bolar, 2040-njy ýyla olaryň energiýa deňagramlylygynda paýy öňki 1,4 göterimliginden 5,4 göterime ýeter.

Başlangyç energiýa serşdelerine bolan umumy zerurlyk 35 göterim artyp, günde 371,6 mln barrel nebit barabarlygyna deň bolar. «2040-njy ýylda dünýä energiýa deňagramlylygynda nebit bilen gazyň paýynyň 52 göterimden ýokary bolmagy aýratyn bellärliklidir» diýip OPEC belleýär.

Nebit bazarynda teklip boýunça çaklama hem günde 1,7 mln barrele çenli ýokarlandyryldy, 2016-2040-njy ýyllarda suwuk uglewodorodlaryň iberilmesi 16,2 göterim artyp, günde 111,3 mln barrele ýeter. OPEC däl döwletlerden hem ibermeler boýunça çaklama ýokarlandyryldy: 2020-nji ýyla olar 8,8 göterim ýokarlanyp, günde 62 million barrele deň bolar (ösüşiň 75 göterimi ABŞ-nyň paýyna düşer). Soňra bu ösüş depgini haýallap, görkeziji 2027-nji ýylda günde 63,8 million barrele ýetip iň ýokary derejesine çykar, soňra peselip başlap, 2040-njy ýylda barreli 60,4 mln barrele ýeter.

Şeýleikde, uzak geljekde OPEC dünýäniň goşmaça uglewodorodlara bolan zerurlygyny kanagatlandyrmakda möhüm wezipe ýerine ýetirmegini dowam eder. 2020-2040-nji ýyllarda gurama bazara günde diňe çig nebitiň goşmaça 7,7 mln barrelini satmaly bolar.

 

Meňzeş täzelikler

2014