Nebitgaz toplumynyň işgärlerine baýramçylyk medallary gowşuryldy

Şu gün Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň Merkezi binasynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Maksat Babaýewiň ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 26 ýyllygy mynasybetli döwlet sylaglaryny we hormatly atlary dakmak dabarasy geçirildi.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Permanyna laýyklykda, özygtyýarly Türkmenistanyň durmuş-ykdysady taýdan ösmegine, halkara abraýynyň artmagyna, senagaty, nebitgaz toplumyny ýokary depginli ösdürmek boýunça döwlet maksatnamalaryny durmuşa geçirmek boýunça goşan uly goşantlary, garaşsyz ýurduň hem halkyň öňünde taýsyz tagallalary, şeýle hem zähmetde gazanan ussatlygy üçin ýurduň nebitgaz toplumynyň 100-den gowrak işgärleri sylaglanyldy.

Meňzeş täzelikler

2014