Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde döwlet sylaglary gowşuryldy

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 25-nji oktýabrda Ministrler Kabinetiniň şanly baýramçylygyň öňüsyrasyndaky giňişleýin mejlisini geçirdi. Mejlisde döwlet durmuşyna degişli birnäçe möhüm meselelere garaldy.

Mejlisiň dowamynda milletiň Lideri zähmetde we gullukda tapawutlanyp, oňat netijeler gazanan raýatlarymyzy Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 26 ýyllyk baýramy mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak, şeýle hem hukuk goraýjy we harby edaralaryň gullukçylaryna nobatdaky harby atlary dakmak hakyndaky birnäçe resminama gol çekdi.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Mejlisiň Başlygyna hem-de wise-premýerlere ýüzlenip, ähli sylaglanan adamlara mynasyp bolan döwlet sylaglaryny şöhratly senäniň öňüsyrasynda, 26-njy oktýabrda dabaraly ýagdaýda gowşurmagy tabşyrdy. Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretaryna, goranmak ministrine sylaga mynasyp bolan harby gullukçylara sylaglaryny harby ýörişden soň, «Halk hakydasy» ýadygärlikler toplumynda dabaraly ýagdaýda gowşurmak tabşyryldy.

Mejlisiň barşynda şeýle hem 9-10-njy noýabrda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda geçirilmegi meýilleşdirilýän «Bilim we sport Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe» atly Halkara sergisine hem-de ylmy maslahatyna görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berildi.

Ýurdumyzda işleýän halkara guramalarynyň, bilim ulgamynda dünýä belli kompýuter we interaktiw tehnikasyny, lingafon enjamlaryny, mekdep mebellerini, okuw-görkezme esbaplaryny, barlaghana enjamlaryny öndürýän hem-de olaryň programma üpjünçiligini taýýarlaýan, sport eşiklerini we esbaplaryny öndürýän kompaniýalaryň 30-a golaýy bu halkara sergisine hem-de ylmy maslahatyna gatnaşmaga isleg bildirdiler. Türkmenistana forumda ýokary okuw mekdepleriň, öňdebaryjy bilim we sport edaralarynyň, beýleki ugurdaş hususy kärhanalaryň ýolbaşçylary wekilçilik eder. Ylmy maslahata 27 ýurtdan alymlar gatnaşar.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Babaýew ýangyç-energetika toplumynyň pudaklarynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, nebiti we gazy çykarmak boýunça maýa goýum taslamalarynyň durmuşa geçirilişi hem-de bu pudakda daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen ýola goýulýan gatnaşyklar barada hasabat berdi.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, nebitgaz senagatyny ösdürmek boýunça alnyp barylýan işleriň netijeliligini ýokarlandyrmak babatda wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi. Milletiň Lideriniň belleýşi ýaly, nebiti we gazy gaýtadan işlemekden alynýan önümleriň möçberleriniň ýokarlandyrylmagyna, şeýle hem pudaga maýa goýumlary çekmegiň işjeňleşdirilmegine möhüm ähmiýet berilmelidir.

Soňra döwlet Baştutanynyň gol çeken Kararyna laýyklykda, Mejlisiň Başlygyna, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlaryna, ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylaryna, şeýle hem welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimlerine Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 26 ýyllyk baýramy mynasybetli ýadygärlik nyşanyny gowşurmak dabarasy boldy.

Ýurdumyzyň ýolbaşçy düzümleriniň wekillerine bu sylaglar berkarar Watanymyzyň Garaşsyzlygyny, özygtyýarlylygyny we goranmak ukybyny, hukuk tertibini we kanunçylygy pugtalandyrmakda, ykdysadyýetimizi, medeniýetimizi, sungatymyzy saglygy goraýyş, ylym-bilim we sport ulgamlaryny ösdürmekde bitiren uly hyzmatlary nazara alnyp, şeýle hem Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 26 ýyllyk baýram mynasybetli gowşuryldy.

Meňzeş täzelikler

2014