«Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2017» forumy daşary ýurt kompaniýalary bilen hyzmatdaşlygy işjäňleşdirmäge gönükdirilendir

Ministrler Kabinetiniň mejlisinde wise-premýer M.Babaýew şu ýylyň 2-4-nji noýabry aralygynda Aşgabatda geçirilmegi meýilleşdirilýän «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2017» atly XXII halkara maslahatyny hem-de sergisini guramaga görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi. Garaşylyşy ýaly, ykdysady gözden geçirilişe dünýäniň köp ýurtlaryndan hünärmenler, şol sanda nebitgaz kompaniýaniýalaryň, ministrlikleriň we pudak edaralarynyň, halkara guramalaryň hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşar.

Halkara maslahatynyň gün tertibine dünýäniň,sebitiň we ýurdumyzyň nebitgaz pudagynyň hem-de bu ulgamdaky halkara hyzmatdaşlygynyň ösüşi, pudaga daşary ýurt maýa serişdelerini çekmek, täzeçil tehnologiýalary ornaşdyrmak bilen baglanyşykly meseleler giriziler. Türkmen tebigy gazyny dünýä bazarlaryna ugratmagyň köpugurly meselelerine, Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan gaz geçirijisiniň gurluşygynyň taslamalaryna aýratyn üns berler.

Milletiň Lideriniň belleýşi ýaly, nebitgaz sergisiniň we maslahatyň döwletimiziň ýangyç-energetika toplumynyň serişde hem-de senagat kuwwatyny doly derejede görkezmäge, ýurdumyz bilen öňdebaryjy tehnologiýalara eýe bolan daşary ýurt kompaniýalarynyň arasyndaky özara peýdaly gatnaşyklary işjeňleşdirmäge ýardam bermäge gönükdiriler.

Meňzeş täzelikler

2014