Eýran OPEC+ ylalaşygynyň möhletini 2018-nji ýylyň ahyryna çenli uzaltmaklygy goldaýar

Eýran OPEC we gurama girmeýän ýurtlaryň nebit çykarylyşyny çäklendirmek boýunça ylalaşygynyň möhletini 2018-nji ýylyň ahyryna çenli uzaltmaklygy goldaýar. Bu barada Oil and Money konferensiýasynda Eýranyň nebit ministriniň orunbasary aýtdy.

«Hawa, goldarys» diýip Praým ministriň orunbasarynyň sözlerini getirýär.

OPEC we oňa girmeýän birnäçe döwletler 2016-njy ýylyň ahyrynda Wenada geçirilen mejlisde nebitiň jemi çykarylyşyny oktýabrdaky derejeden günde 1,8 million barrel derejede çäklendirmegi ylalaşdy, şol sanda 300 müň barreli Russiýanyň paýyna düşýär. Ylalaşyk uzaltmak mümkinçiligi bilen 2017-nji ýylyň birinji ýarym ýyllygy üçin baglaşyldy. Maý aýynda onuň möhleti 9 aý — 2018-nji ýylyň martyna çenli uzaldyldy.

RF-iň Prezidenti Wladimir Putiniň öň belleýşi ýaly, eger-de nebit çykarylyşyny çäklendirmek boýunça ylalaşygyň möhleti uzaldylsa, onda azyndan 2018-nji ýylyň ahyryna çenli uzaldylar.

Nebit çykarylyşyny çäklendirmek boýunça ylalaşyga gatnaşyjy döwletler 29-njy noýabrda Wenada geçiriler.

Meňzeş täzelikler

2014