16-njy oktýabrda OPEC-iň nebit sebedi 1,1 göterim gymmatlady

16-njy oktýabrda OPEC-iň nebit sebediniň bahasy barrel üçin 55,74 dollara barabar boldy. Bu görkeziji geçen anna günündäkiden 0,62 dollar köpdür, diýip Trend sişenbe güni gurama salgylanyp habar berýär.

Nebitiň dünýä boýunça bahalary sişenbe güni Yrakda gapma-garşylyklaryň barha ýitileşmegi netijesinde maýadarlaryň arasynda dowam edýän närahatlygyň çäklerinde ýokarlanýar.

Sişenbe güni 15:37 wagta çenli ýagdaýda Brent kysymly nebitiň dekabrdaky fýuçersleriniň bahasy 0,35 göterim ýokarlanyp, barreli 58,02 dollara barabar boldy. WTI kysymly nebitiň noýabrdaky fýuçersleriniň bahasy 0,37 göterim ýokarlanyp, barreli 52,06 dollara deň boldy.

 

Meňzeş täzelikler

2014