«Türkmengaz» DK «Galkynyş» käninde nobatdaky ýokary debitli guýyny ulanyşa girizdi

Ägirt uly «Galkynyş» gaz käninde günlük debiti 2 million kub metr «mawy ýangyja» barabar bolan №280 belgili guýy ulanyşa girizildi. Bu işi «Türkmengaz» döwlet konserniniň «Türkmengazinžinerçilik we gurluşyk» müdirliginiň hünärmenleri amala aşyrdylar.

Üstesine ilkinji gezek tehnologik enjamlar — klapanlar, zadwižkalar, şeýle hem barlag-ölçeg abzallary we guýynyň agzynyň turba birleşmesi daşary ýurt kompaniýalaryny çekmezden öz güýjüniň hasabyna ýerine ýetirildi.

«Türkmengaz» DK-nyň hünärmenleri guýynyň agzynda Petrofac (BAE) kompaniýasynyň enjamlaryndan, çyzgylaryndan we tehnologik kartalaryndan peýdalanmak arkaly elektromontaž, ýokarytakykly kebşirleme we beýleki işleri geçirdiler.

Häzirki wagtda «Türkmengazinžinerçilik we gurluşyk» müdirliginiň brigadalary barlag-ölçeg enjamlarynyň we awtomatikanyň enjamlaryny montaž etmekligi tamamlaýarlar we «Galkynyş» käninde ýene-de üç sany ýokary debitli guýulary işe girizmäge taýýarlanýarlar. Bu guýular hem turbageçirijileriň eksport gazulag ulgamyna birikdiriler.

«Türkmengaz» DK-nyň hünärmenleriniň enjamlaryň montažynyň we galyň turbalarda kebşirleme işlerini geçirmegiň häzirki zaman tehnologiýalaryny özleşdirmekleri bu işleri şertnamalaýyn esasda ýerine ýetirýän daşary ýurt kompaniýalarynyň hyzmatlaryndan el çekmäge mümkinçilik berdi. Bu bolsa düýpli maliýe serişdelerini tygşytlaýar.

Häzirki wagtda «Galkynyş» känindäki gaz içerki bazarlara we Türkmenistan — Özbegistan — Gazagystan — Hytaý gaz geçirijisi boýunça Hytaýa eksport edilýär. Eksport möçberleri ýylyň-ýylyna artdyrylýar.

Mundan başga-da, bu ägirt uly käniň gazy Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan gaz geçirijisi boýunça eksport etmek üçin çig mal binýady hökmünde göz öňünde tutuldy. Bu gaz geçirijiniň gurluşygyny 2020-nji ýyla çenli tamamlamak meýilleşdirilýär. «Galkynyş» gaz käniniň çig mallaryny Ýewropa ugrunda hem eksport etmek göz öňünde tutulýar.

 

Meňzeş täzelikler

2014