Türkmenistanyň Prezidenti we Katar Döwletiniň Emiri telefon arkaly hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny maslahatlaşdylar

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow hem-de Katar Döwletiniň Emiri Şeýh Tamim bin Hamad Al Tani telefon arkaly gepleşikde türkmen-katar gatnaşyklarynyň ileri tutulýan ugurlaryny maslahatlaşdylar.

Türkmenistanyň we Kataryň Baştutanlary däbe öwrülen döwletara gatnaşyklarynyň ýokary derejesini kanagatlanma bilen belläp, özara bähbitli hyzmatdaşlygy has-da ösdürmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny hem-de taraplaryň olary umumy bähbit üçin amala aşyrmaga taýýardygyny nygtadylar.

Söhbetdeşligiň barşynda ozal gazanylan ylalaşyklary hem-de geljek üçin meýilnamalary durmuşa geçirmek bilen baglylykda, türkmen-katar hyzmatdaşlygynyň esasy ugurlarynda onuň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy. Ikitaraplaýyn hyzmatdaşlykda söwda-ykdysady gatnaşyklara möhüm ähmiýet berilýändigi nygtaldy.

Telefon gepleşiginiň barşynda taraplar özara gyzyklanma bildirilýän sebit we dünýä derejesindäki möhüm meseleleriň birnäçesi boýunça pikir alyşdylar. Şunuň bilen baglylykda, iki döwletiň abraýly halkara guramalarynyň we düzümleriniň çäklerinde netijeli gatnaşyklara üýtgewsiz ygrarly bolup galýandygy bellenildi.

Telefon söhbetdeşligi katar tarapynyň başlangyjy bilen geçirildi.

Öň habar berlişi ýaly, 2017-nji ýylyň martynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow hökümet wekiliýetine ýolbaşçylyk edip, Katar döwletine saparynyň barşynda Katar döwletiniň Emiri Şeýh Tamim bin Hamad Al Tani bilen Dohada gepleşikleri geçirdi.

Türkmen tarapy Türkmenistandaky sebit ähmiýetli iri taslamalary amala aşyrmak boýunça, şeýle hem Kataryň innowasiýa taslamalaryna maýa goýum boýunça tekliplerine garamaga taýýardygyny mälim etdi.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Kataryň iri maliýa we maýa goýum düzümlerini Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan gaz geçirijisiniň taslamasyny durmuşa geçirmeklige gatnaşmaga çagyrdy.

Kataryň kompaniýalary Türkmenistanyň çäklerinde gazy gaýtadan işlemek boýunça zawodyň, nebithimiýasy we gazhimiýasy zawodlarynyň döredilmegine, Hazar deňziniň türkmen kenarynda amala aşyrylýan taslamalara, şeýle hem nebitgaz toplumy üçin enjamlar goýmaga gatnaşmaga çagyryldy.

Gepleşikleriň ahyrynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek dabarasy boldy. Resminamalaryň arasynda Türkmenistanyň DIM-niň halkara gatnaşyklary instituty bilen Katar döwletiniň Diplomatiýa institutynyň arasynda diplomatlary taýýarlamak boýunça hyzmatdaşlyk etmekde özara düşünişmek barada Ähtnama bar. Hökümetara derejesinde energetika ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça we standartlaşdyrmak, metrologiýa, sertifikasiýa we hasaba alyş pudaklarynda hyzmatdaşlyk boýunça özara düşünişmek barada ähtnamalar kabul edildi. «Türkmenhowaýollary» döwlet milli gullugy bilen Katar Döwletiniň Raýat awiasiýasy müdirligi özara düşünişmek barada Ähtnama gol çekdiler. Ýene bir resminama ekologiýa ugruna degişli bolup, ol bioköpdürlülik we janly tebigaty goramak boýunça özara düşünişmek barada Ähtnamadyr.

Eýýäm aprel aýynda «Al Qamra Holding» kompaniýasynyň ýolbaşçysy Hamad Saleh Al Kamranyň ýolbaşçylygynda Aşgabada Kataryň wekilçilikli topary geldi. Döwlet daşary ykdysady iş bankynda geçirilen duşuşykda taraplar katar işewürleriniň Türkmenistanda iri taslamalary durmuşa geçirmeklige gatnaşmak mümkinçilikleri maslahatlaşyldy. Ýangyç-energetika toplumy, ulag-aragatnaşyk pudagy, himiýa we lukmançylyk senagaty türkmen-katar hyzmatdaşlygynyň esasy ugurlarynyň biri hökmünde görkezildi.

Katar döwletiniň wekiliýetiniň agzalarynyň Türkmenistanyň hökümetinde we birnäçe ministrliklerde, pudak edaralarda geçiren duşuşyklarynda bilelikdäki taslamalar we özara gatnaşyklaryň geljekki ugurlary jikme-jik ara alnyp maslahatlaşyldy.

 

Meňzeş täzelikler

2014