Caspian Drilling Company Hazardaky taslamalaryň birinde «Dede Gorgud» buraw desgasyny ulanmagy meýilleşdirýärler

«Dede Gorgud» iri azerbaýjan ýüzýän ýarym suwda bolan buraw desgasynyň (ÝÝBD) operatory bolan Caspian Drilling Company ony Hazardaky taslamalaryň birinde ulanmagy meýilleşdirýärler, diýip Trend ýurduň nebitgaz bazaryndaky bilermene salgylanyp habar berýär.

«Häzirki wagtda «Dede Gorgud» ýyly konserwasiýada saklanýar. Kompaniýa ony Hazarda mundan beýläkki burawlamada ulanmagy meýilleşdirýär» - diýip habar berildi. Agentligiň söhbetdeşi desganyň haýsy kompaniýa üçin we haýsy kände ulanyljakdygyny takyklap oturmady.

«Dede Gorgud» öň WR bilen şertnamanyň çäklerinde «Azeri-Çyrag-Güneşli» nebit känleriniň toplumynda buraw işlerini ýerine ýetirdi.

Ýyly konserwasiýada desgalar öz işjeňligini saklap bilýär we ulanmak barada şertnama baglaşylan badyna ulanyşa girizilip bilner.

1980-nji ýylda gurlan «Dede Gorgud» ÝÝBD deňziň 500 metr çuňlugynda işläp bilýär. Şol bir wagtda buraw çuňlugy 6100 metre ýetýär.

«Dede Gorgud» ÝÝBD Hazarda giňden ulanylýar. Ol birnäçe gezek döwrebaplaşdyryldy, hususan-da, suwasty dolandyryş ulgamlary täzelendi we don plitaly buraw tehnologiýasy kämilleşdirildi. Şeýle hem ýaşaýyş toplumy täzelendi.

Buraw desgasynyň operatory hökmünde Caspian Drilling Company (CDC) çykyş edýär. Onuň 92,44 göterim paýnamalaýyn bölegi SOCAR azerbaýjan döwlet kompaniýasyna degişli.

 

Meňzeş täzelikler

2014