Türkmenistan we Çili hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin ýokary derejedäki saparlary guramaga gyzyklanma bildirýärler

Türkmenistan we Çili gatnaşyklary täze derejä çykarmak üçin ýokary derejedäki saparlary gurnamaklyga gyzyklanma bildirdiler. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Çili Respublikasynyň Türkmenistandaky täze Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi (ýerleşýän ýeri Ankara ş.) jenap Hose Manuel Silwa bilen geçirilen duşuşykda bellenildi, diýlip daşary syýasat edarasynyň saýtynda bellenilýär.

Ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýynyň we mümkinçilikleriniň ösüşini maslahatlaşyp, taraplar syýasy hyzmatdaşlygyň ýokary derejesini, şeýle hem halkara guramalarynyň çäklerindäki özara gatnaşyklary bellediler. Şol çarçuwada taraplar gatnaşyklary täze derejä çykarmak üçin ýokary derejedäki saparlary gurnamaklyga gyzyklanma bildirdiler.

Gepleşikleriň dowamynda daşary syýasat edaralaryň ugry boýunça netijeli gepleşikleriň mundan beýläk hem  giňeldilmeginiň möhümdigi bellenildi, şeýle hem iki ýurduň işewür düzümleriniň arasynda gatnaşyklaryň ösüşine taraplaryň gyzyklanmasy bildirildi.

Söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň ösüşiniň mümkinçilikleri bellenilip, şol ugurlaryň arasynda taraplar elektroenergetika pudagy, dokma we obasenagat ulgamlaryny bellediler.

Şol gün Çili Respublikasynyň ýurdumyzdaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi jenap Hose Manuel Silwa Widaurre Mejlisiň Başlygy A.Nurberdiýewa ynanç hatyny gowşurdy. Ileri tutulýan ugurlar duşuşygyň esasy meseleleriniň biri boldy. Duşuşygyň barşynda Türkmenistanyň giň halkara hyzmatdaşlyga, şol sanda Günorta Amerikanyň ýurtlary bilen gatnaşyklara ygrarlydygy nygtaldy. Soňky ýyllarda bu döwletler bilen netijeli gatnaşyklar ýola goýulýar.

Jenap Hose Manuel Silwa iki dostlukly ýurduň arasyndaky özara bähbitli hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri barada aýdyp, Çiliniň işewür toparlarynyň ulag, metallary we beýleki peýdaly gazylyp alynýan baýlyklary gaýtadan işlemek, himiýa we dokma pudaklarynda, obasenagat toplumynda, elektronika ulgamynda ýöriteleşdirilen türkmen hyzmatdaşlary bilen gatnaşyklary ýola goýmaga gyzyklanma bildirýändiklerini belledi.

Demokratik özgertmeler babatda Mejlisiň alyp barýan işi bilen baglanyşykly meselelere hem garaldy. Şunda göni parlamentara gatnaşyklary ýola goýmak barada pikir aýdyldy.

Meňzeş täzelikler

2014