I.M.Gubkin adyndaky Russiýanyň döwlet nebit we gaz uniwersitetiniň wekilleri Türkmenistandaky pudaklaýyn ÝOM-uň enjamlaşdyrylyşyna ýokary baha berdiler

Türkmenistanyň Halkara nebit we gaz uniwersitetinde ýurdumyzyň we Russiýa Federasiýasynyň birnäçe ýokary okuw mekdepleriniň wekilleriniň gatnaşmagynda duşuşyk geçirildi. Duşuşyga gatnaşyjylar bilim, hünär derejesini ýokarlandyrmak ulgamlarynda hyzmatdaşlyk meseleleri boýunça pikir alyşdylar. Bu uniwersitetiň dürli fakultetlerinde bolup görüp, myhmanlar onuň okuw we önümçilik işiniň gurnalyşy bilen tanyşdylar. Olar bu ýokary okuw mekdebiniň tehniki taýdan enjamlaşdyrylyşynyň dünýä ülňülerine laýyk gelýänligini, munuň bolsa okuw sapaklaryny we ylmy işi geçirmek, iň täze enjamlarda iş endiklerini ele almak üçin ähli mümkinçilikleri döredýändigini bellediler.

— Türkmenistanda bolmak, bu ýerde öz kärdeşlerimiz, nebitçiler, gazçylar bilen duşuşmak örän ýakymly, çünki bu hünär işjeňligi bizi baglanyşdyrýar. Halkara nebit we gaz uniwersitetinde ähli zadyň ýokary derejededigini, ähli zadyň oňat gurnalandygyny, onuň enjamlaşdyrylyşyny, oňat hünärmenlerini aýratyn belläsim gelýär – diýip, I.M.Gubkin adyndaky Russiýanyň döwlet nebit we gaz uniwersitetiniň rektory Wiktor Martynow belledi.

— Türkmen halkyna tebigy serişdeleriň we zähmetsöýerligiň hasabyna siziň mundan beýläk hem ösmegiňiz üçin oňat şertleri döredip bilmegiňizi arzuw edýärin. Biziň halklarymyzyň dost-doganlygynyň, diňe bir nebitgaz ulgamynda däl, eýsem, medeniýetde we bilimde hem saklanylmagy örän wajypdyr – diýip W.Martynow nygtady.

I.M.Gubkin adyndaky RDU-nyň wekiliýetiniň agzalarynyň şeýle hem belleýşi ýaly, bu maslahatda gatnaşmaklyk uniwersitetleriň arasyndaky hyzmatdaşlygy has hem berkitmäge mümkinçilik berer. Türkmen nebit we gaz uniwersitetiniň barlaghana toplumy bilen tanyş bolup, myhmanlar bu ýerde talyplara nebitgaz işiniň ähli taraplaryny doly derejede öwretmäge mümkinçilik berýän enjamlaryň bardygyna göz ýetirdiler.

Rus ÝON-larynyň wekilleri bu ýerde okuw işleriniň geçişi, hususan-da, nebiti gaýtadan işlemekde enjamlaryň we desgalaryň gurluşy we işleýşi, desgalary awtomatik usulda dolandyrmak, önümçilik galyndylaryny gaýtadan işlemegiň ikinji derejeli usullary ýaly meseleler boýunça sapaklaryň geçişi bilen tanyş boldular. Myhmanlaryň belleýişleri ýaly, bu barlaghanalarda talyplaryň häzirki zaman kompýuterleşdirilen we awtomatlaşdyrylan enjamlary dolandyrmak, önümçilikdäki ekologik meseleleri çözmek, zähmeti gurnamak we dolandyrmagyň ýörelgeleri, zähmeti goramak we tehniki howpsuzlyk we beýleki ugurlar boýunça meseleleri öwrenmekleri üçin ähli şertler döredilipdir.

— Biziň ýokary okuw mekdebimiz daşary ýurtlaryň nebitgaz kompaniýalary, dürli ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleri bilen netijeli hyzmatdaşlyk saklaýar, bu bolsa bize tejribe toplamaga mümkinçilik berýär. Şeýle ÝOM-laryň biri hem I.M.Gubkin adyndaky Russiýanyň döwlet nebit we gaz uniwersitetidir. Biziň ýokary okuw mekdeplerimiziň arasynda özara düşünişmek hakynda ähtnama gol çekildi. Russiýanyň uniwersitetiniň wekilleri biziň uniwersitetimiz bilen ýakyndan tanyşmaga geldiler. Olar okuw otaglarynda, barlaghanalarymyzda bolup gördüler. Geçirilen duşuşyk hyzmatdaşlygy giňeltmäge ýardam eder – diýip Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň uly mugallymy Sona Yslamowa aýtdy.

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan dünýäde uglewodorod serişdeleriniň ägirt uly goruna eýedir. Halkara nebit we gaz uniwersiteti nebitgaz senagatynda zähmet çekjek, Watanymyzy has hem gülledip ösdürmekde tebigy serişdelerden has netijeli peýdalanjak hünärmenleri taýýarlaýar. 

Meňzeş täzelikler

2014