Brentiň bahasy ýylyň ahyrynda barreli üçin 55 dollara deň bolar – Saxo Bank

Nebit bazary 2014-nji ýylda teklibiň agdyklyk etmegi netijesinde güýçli pese düşmeden geçen döwürden bäri 2017-nji ýyly iň gowy görkeziji bilen jemläp biler, diýip Saxo Bank-yň haryt-çig mal bazarynda strategiýa bölüminiň ýolbaşçysy, bilermen Ole Slot Hansen aýtdy. Bu barada Trend habar berýär.

«OPEC-iň we beýleki döwletleriň nebit çykarylyşyny çäklendirmek boýunça şu ýyl amala aşyran çäreleri ahyrynda täsirini ýetirdi we dünýäniň çig nebit boýunça teklibi aşak düşüp başlady. Tehas ştatynda Meksikan aýlagynyň kenarýakalarynda «Harwi» harasadynyň bolan döwründe ABŞ-nyň ýangyç ätiýaçlyklary düýpli azaldy. Bu ýagdaý nebiti gaýtadan işleýän kärhanalaryň girdejileriniň artmagyna ýardam eder we adatça möwsümleýin pese düşme bolýan döwründe nebite bolan islegi ýokary saklar» - diýip Hansen hasaplaýar.

Onuň aýtmagyna görä, birinji ýarymýyllykda Liwiýada we Nigeriýada, şeýle hem slanesli känleri işläp özleşdirýän amerikan kompaniýalarynda önümçiligiň ýokary göterilmegi nebitiň bahalaryna ýaramaz täsir etdi.

«Pese düşen bahalar ABŞ-da energiýa geçirijilere bolan teklipde garaşylyşyndan has güýçli duýuldy. Liwiýada we Nigeriýada bolsa ýakyn wagtda nebitiň çykarylyşyny düýpli artdyryp bolmaz. NGIZ-ler «Harwi» harasadyndan soňra birdenkä ýokarlanan islegden peýdalanmak üçin arassalaýyş we abatlaýyş işlerini soňa goýdular. Tebigy heläkçilikden soňra bir aýyň dowamynda ABŞ-da benziniň we dizel ýangyjynyň ätiýaçlyklary 24 million barrel azaldy. Ortaça bäş ýylda şu döwürde 2,5 million barrel ösüş bolýardy» diýip ol aýtdy.

Hanseniň belleýşi ýaly, OPEC we beýleki nebit çykarýan döwletler WTI bilen Brent kysymlarynyň aralaryndaky baha tapawutlygynyň artandygyna we häzirki wagtda barrel üçin alty dollara çenli ýetýändigine şat bolarlar.

«Brent bazarynyň bekwardeýşn ýagdaýyna dolanyp gelmegi bu diňe bir hasaplaşmak üçin spotlaýyn bahalardan peýdalanýan öndürijileriň girdejililigini artdyrmak bilen çäklenmän, eýsem, garaýyşlaryň prolongasiýasynda pul gazanmak isleýän maliýe maýa goýujylaryny hem çekýär. WTI kysymly nebitiň bahasynyň alty dollara golaý yza galmagy hem amerikan slanes kompaniýalarynyň heniz önümçiliklerini artdyrmajakdyklaryna belli bir derejede kepil geçýär» - diýip Hansen aýtdy.

Muňa garamazdan, bilermeniň pikiriçe, 2018-nji ýylda çig nebite bolan isleg babatdaky garaýyşlar OPEC we nebit çykarýan beýleki döwletlerde önümçiligi artdyrmaga mümkinçilik bermeýär. Şonuň üçin hem nebit bazaryny mundan beýläk hem üpjün etmek üçin olar indiki ýylyň martynda wagty dolýan maksatnamalarynyň möhletini uzaltmaly bolarlar.

«NGIZ-ler tarapyndan ýokary islegiň belli bir derejede peselmegine nazara alyp, biz ýylyň ahyryna çenli ýagdaýda Brent nebitiniň barreliniň çen bilen 55 dollara barabar bolmagyny çaklaýarys. WTI nebitiniň bahasy barrel üçin 51 dollardan ýokary galasy ýok, çünki onuň bahasy nebit çykarýan amerikan kompaniýalaryny önümçiliklerini artdyrmaga iterýär. ABŞ-da we Hytaýda ykdysadyýetiň ösmegi baradaky biziň howatyrlanmalarymyzy nazara alsak, islegiň artmagy o diýen düýpli bolmaz we şonuň esasynda biz 2017-nji ýylyň dowamynda tutuş dowam eden diapazon söwdasynyň tamamlanandygy barada heniz yglan edip bilemizok» diýip Hansen belledi.

Meňzeş täzelikler

2014