Energetika ministrliginde Russiýada nebit çykarylyşynyň özüne düşýän gymmaty aýdyldy

Russiýada nebitiň çykarylyşynyň özüne düşýän gymmaty barrel üçin 3-8 dollardan ybarat, diýip Russiýanyň energetika ministriniň orunbasary Anton Inýusyn habar berdi. bu barada Ria Nowosti belleýär.

«Nebitiň çykarylyşynyň özüne düşýän gymmatynyň pes bolmagynyň – barrel üçin 3-8 dollar – hasabyna we gaýtadan işlemegiň çuňlugynyň 70 göterimden 80 göterime çenli ösmeginiň (käbir NGIZ-de bolsa 98 göterime çenli) hasabyna biziň çig mal binýadymyz dünýäde bäsdeşlige ukyplylaryň biri bolmagynda galýar» - diýlip ministriň orunbasarynyň sözleri «Russiýanyň energetika hepdeligi» resmi žurnalynda getirilýär.

Inýusynyň aýtmagyna görä, 2016-njy ýylda Russiýa dünýä bazaryna diňe bir gaz çykarmak boýunça 20 göterim paýy eýeläp, öňdeligi saklamak bilen çäklenmän, eýsem, 12 göterim nebit we 9 göterim nebit önümlerini eksport etmek bilen suwuklandyrylan uglewodorodlar boýunça hem birinjiligi eýeledi.

Şu ýylyň mart aýynda RF-iň energetika ministri Aleksandr Nowagyň habar berşi ýaly, Russiýa 50 ýyl möhlet üçin nebitiň we gazyň barlanan ätiýaçlyklaryna eýe, nebitiň çykarylyşynyň özüne düşýän gymmaty bolsa, barrel üçin 10-15 dollar.

2016-njy ýylyň mart aýynda energetika boýunça ministriň orunbasary Kiril Molodsowyň habar berşi ýaly, RF-de nebitiň çykarylyşynyň özüne düşýän gymmaty ortaça barrel üçin 2 dollara, kyn gazylyp alynýan ätiýaçlyklar boýunça we şelf taslamalary boýunça – 20 dollara deň. Öz gezeginde, «Rosneftiň» ýolbaşçysy Igor Seçiniň habar berşi ýaly, kompaniýanyň känlerinde nebitiň çykarylyşynyň özüne düşýän gymmaty barrel üçin 3 dollardan azdyr.

Meňzeş täzelikler

2014