Türkmenistanyň Prezidenti Wladimir Putine «Hyzmatdaşlygy ösdürmäge goşandy üçin» diýen ordeni gowşurdy

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowy Aleksandr Newskiý ordeni bilen sylaglamak dabarasy tamamlanandan soňra, türkmen Lideri Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Wladimirowiç Putiniň ýurdumyzyň iň ýokary döwlet sylaglarynyň biri — «Hyzmatdaşlygy ösdürmäge goşandy üçin» diýen orden bilen sylaglanýandygyny yglan etdi.

Milletiň Lideriniň belleýşi ýaly, bu çözgüt Russiýanyň Baştutanynyň türkmen-russiýa gatnaşyklaryny ösdürmek we pugtalandyrmak işine, onuň parahatçylygyň üpjün edilmegine hem-de halkara hyzmatdaşlygynyň giňeldilmegine goşan uly goşandynyň ykrar edilmegi bolup durýar.

Türkmenistanda Wladimir Wladimirowiçi parasatly we öňdengörüji döwlet işgäri hökmünde tanaýarlar we çuňňur hormatlaýarlar diýip, Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow belledi. Ýokary döwlet wezipesinde onuň netijeli işi, uly syýasy tejribesi hem-de öz belent wezipesini ýokary derejede ýerine ýetirýändigi diňe bir Russiýada ählihalk goldawyny däl-de, eýsem, bütin dünýäde abraý we hormat getirdi.

— Onuň ýokary döwlet işlerine jogapkärli çemeleşmegi, parasatlylygy Russiýa Federasiýasynyň Prezidentine öz ýurduna ynamly ýolbaşçylyk etmäge, Russiýanyň halkyny täze belentliklere alyp gitmäge, durnuklylygy saklap galmaga hem-de pugtalandyrmaga we döwletiň bütewiligini gorap saklamaga mümkinçilik berýär.

Häzirki wagtda Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasy ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ähli ugurlarynda diýen ýaly, şol sanda syýasy, söwda-ykdysady we ynsanperwer ulgamlarynda üstünlikli hyzmatdaşlyk edýärler diýip, Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow sözüni dowam etdi. Döwlet Baştutanynyň belleýşi ýaly, biziň ýurtlarymyzy birek-birege hormat goýmak, deňhukuklylyk hem-de ösüşe ymtylmak ýaly ýörelgelere esaslanan ýakyn gatnaşyklar baglanyşdyrýar.

Türkmenistanyň Prezidenti russiýaly kärdeşini gutlap, oňa tüýs ýürekden berk jan saglyk, jogapkärli döwlet işinde täze uly üstünlikleri, şeýle hem Russiýanyň dostlukly halkyna abadançylyk, parahatçylyk we rowaçlyk arzuw etdi.

 

Meňzeş täzelikler

2014