Prezident Wladimir Putin Gurbanguly Berdimuhamedowa Aleksandr Newskiý ordenini gowşurdy

2-nji oktýabrda ýokary derejede geçen türkmen-russiýa gepleşikleri tamamlanandan soňra, «Oguzhan» köşkler toplumynda resmi wekiliýetleriň agzalarynyň gatnaşmagynda Türkmenistanyň Prezidentini Russiýa Federasiýasynyň ýokary döwlet sylagy — Aleksandr Newskiý ordenini bilen sylaglamak dabarasy boldy.

«Daşary döwletleriň görnükli syýasy işgärleri Russiýa bilen hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny berkitmek işine goşan şahsy goşantlary üçin şu orden bilen sylaglanýarlar» diýip Wladimir Putin aýtdy.

Belent mertebeli myhman Moskwanyň we Aşgabadyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň köp babatda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň tagallalary netijesinde ösýändigini belledi.

Gurbanguly Berdimuhamedow bildirilen uly hormat üçin RF-iň Prezidenti Wladimir Putine tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirip, bu sylagy uly mertebe, tutuş türkmen halkyna goýlan belent sarpa, däp bolan dostlukly türkmen-russiýa gatnaşyklarynyň okgunly ösýändiginiň we hemmetaraplaýyn pugtalanýandygynyň nyşany hökmünde kabul edýändigini aýtdy.

Döwlet Baştutany halklarymyzyň arasyndaky ynanyşmagyň we özara düşünişmegiň ýokary derejesiniň mundan beýläk-de türkmen-russiýa hyzmatdaşlygyny has-da ösdürmek üçin mäkäm binýat bolup hyzmat etjekdigine ynam bildirdi.

Meňzeş täzelikler

2014