Gurbanguly Berdimuhamedow we Wladimir Putin köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekillerine ýüzlenme bilen çykyş etdiler

2-nji oktýabrda gepleşikler tamamlanandan soňra, Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Wladimir Putin köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekillerine ýüzlenme bilen çykyş etdiler.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow ýokary derejede geçirilen duşuşygyň netijelerini teswirlemek bilen, açyklyk, özara ynanyşmak we düşünişmek ýagdaýynda geçen gepleşikleriň netijeli häsiýetini belledi. Türkmen-russiýa gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýy we geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy, geljekki gatnaşyklaryň anyk ugurlary kesgitlenildi.

Taraplar döwletara hyzmatdaşlygynyň uzakmöhletleýin we strategik häsiýetini tassyklap, ony berkitmek hem-de hyzmatdaşlygyň örän uly mümkinçiliklerini açmak üçin zerur bolan ähli işleri geçirmäge taýýardyklaryny beýan etdiler. Häzir Türkmenistan we Russiýa Federasiýasy şol mümkinçiliklere eýe bolup durýarlar.

Ählumumy parahatçylygy, durnuklylygy we howpsuzlygy berkitmek meselelerine aýratyn üns berildi. Bu barada aýtmak bilen, milletiň Lideri Türkmenistanyň we Russiýanyň halkara we sebit syýasatynyň ençeme meseleleri boýunça garaýyşlarynyň gabat gelýändigini ýa-da meňzeşdigini belläp, munuň iki ýurduň dünýä giňişliginde üstünlikli hyzmatdaşlygynyň girewi bolup durýar diýip belledi. Şunuň bilen baglylykda, BMG-da we beýleki abraýly halkara guramalarynda öz netijeliligini tassyklan birek-biregi goldamak tejribesi dowam eder.

Ýurtlaryň ikisi hem häzirki döwrüň ählumumy wehimleri – halkara terrorçylygy, neşeleriň bikanun dolanyşygy, transmilli guramaçylykly jenaýatçylyk bilen netijeli göreşmek işinde özara gatnaşyklary dowam ederler diýip, döwlet Baştutany belledi. Şeýle hyzmatdaşlyk ikitaraplaýyn derejede, şeýle hem halkara guramalarynyň çäklerinde amala aşyrylar.

Gurbanguly Berdimuhamedow köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekillerine ýüzlenip, gepleşikleriň barşynda Merkezi Aziýada hyzmatdaşlyk meseleleriniň içgin ara alnyp maslahatlaşylandygyny habar berdi. Türkmenistan we Russiýa bu sebite Ýewraziýadaky strategiki durnuklylygyň mäkäm halkasy, ählumumy ähmiýeti bolan giň gerimli energetika, ulag, ekologiýa taslamalarynyň amala aşyrylýan ýeri hökmünde garaýarlar.

Iki ýurduň Hazar deňzindäki ýakyn gatnaşyklara ygrarlydygy tassyklanyldy. Bu gatnaşyklar hoşniýetli goňşuçylyk, deňhukuklylyk, birek-birege hormat goýmak, Hazarýaka döwletleriniň hemmesiniň bähbitlerini nazara almak ýörelgelerine esaslanandyr. Türkmenistan we Russiýa Hazarda söwda-ykdysady we ulag ulgamlarynda, beýleki birnäçe ugurlarda hyzmatdaşlyk etmek boýunça köptaraplaýyn ylalaşyklara gol çekilmegini goldaýarlar.

Şunuň bilen baglylykda, iki ýurduň Hazar deňzindäki – Türkmenbaşy we Astrahan şäherlerindäki portlaryny, olaryň arasyndaky parom geçelgelerini peýdalanmagyň, şeýle hem Astrahan oblastynyň çäginde Türkmenistanyň söwda-logistik merkezini döretmegiň möhümdigi bellenildi.

Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, Türkmenistan we Russiýa Federasiýasy Owganystandaky ýagdaýy BMG-niň öňdebaryjy orny bilen giň umumymilli gepleşikler esasynda parahatçylykly, syýasy-diplomatik serişdeler arkaly kadalaşdyrmak, bu ýurduň sebitleýin ykdysady, düzüm taslamalaryna goşulmagy ugrunda çykyş edýärler.

Gepleşikleriň barşynda Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň söwda-ykdysady hyzmatdaşlygynyň yzygiderli, gyzyklanma bildirilýän we özara bähbitli häsiýeti bellenildi, ony giňeltmäge we diwersifikasiýalaşdyrmaga taraplaryň taýýardygy tassyklanyldy diýip, milli Liderimiz sözüni dowam etdi. Ileri tutulýan ugurlaryň hatarynda energetika, ulag we kommunikasiýalar, obasenagat toplumy, tehnologiýalar, hyzmatlar ulgamy, beýleki birnäçe ugurlar görkezildi.

Ylym-bilim ulgamynda özara gatnaşyklaryň derejesine ýokary baha berildi, olar ýylsaýyn giňelýär hem-de yzygiderli, uzakmöhletleýin esasda amala aşyrylýar. Saparyň barşynda gol çekilen Türkmenistanyň we Russiýanyň esasy ýokary okuw mekdepleriniň we ylym merkezleriniň birnäçesiniň arasynda hyzmatdaşlyk hakynda Ylalaşyklar munuň subutnamasy bolup durýar. Bu ylmy işleri geçirmek, talyplary alyşmak, bilelikdäki bilim maksatnamalaryny we taslamalaryny döretmek üçin uly mümkinçilikleri açýar.

— Biz dostlukly döwletiň okuw mekdeplerinde Türkmenistanyň ýaş hünärmenlerini taýýarlamak işinde ýardam edýändigi üçin Russiýa minnetdarlyk bildirýäris diýip, Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Prezident Wladimir Putine Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyga uly üns berýändigi üçin aýratyn hoşallyk bildirdi.

Prezident Wladimir Putin şu günki gepleşikler barada durup geçmek bilen, habar beriş serişdeleriniň wekillerine ýüzlenip, olaryň örän netijeli bolandygyny, halkara meseleleriniň hemmesi boýunça diýen ýaly, biziň ýurtlarymyzyň garaýyşlarynyň gabat gelýändigini ýa-da örän ýakyndygyny belledi.

Duşuşygyň barşynda dünýä ýüzündäki esasy we ýiti nokatlar, ozalky soýuzyň giňişliginde hyzmatdaşlygyň dürli ugurlary boýunça pikir alşyldy, Orta Aziýadaky, Owganystandaky ýagdaý ara alnyp maslahatlaşyldy.

RF-iň Baştutanynyň belleýşi ýaly, dürli ugurlarda, şol sanda maşyngurluşygy, ulag düzümi, saglygy goraýyş, bilim, ylym we medeniýet ulgamlarynda hyzmatdaşlyk üçin gowy mümkinçilikler bar.

Meňzeş täzelikler

2014