Türkmenistanyň ÝET-niň wekiliýeti we «Tatneft» kompaniýasynyň wekilleri hyzmatdaşlygy giňeltmegiň mümkinçiliklerini maslahatlaşdylar

Ýangyç-energetika toplumyna ýolbaşçylyk edýän wise-premýer Maksat Babaýewiň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti «Tatneft» kompaniýasynyň Nižnekams we Almetýew şäherlerindäki önümçilik desgalaryna baryp gördüler. Bu barada «Tatneft» saýtynda habar berilýär.

Iki günlük saparyň barşynda «Türkmennebit», «Türkmengaz» döwlet konsernleriniň, «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň, şeýle hem Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň ýolbaşçylary «Tatneft» kompaniýasynyň baş direktory Nail Maganow we kompaniýanyň top-menejerleri bilen duşuşyklary geçirer.

Türkmen wekiliýetiniň agzalary tatarystanly kärdeşleriniň nebiti gaýtadan işlemek, şinalary öndürmek, energetika, hünärmenleri taýýarlamak, material-tehniki üpjünçilik, innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak ýaly iş ugurlary bilen tanyş boldular.

Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň wekilleri çuňlaşdyryp gaýtadan işlemekde, reňkli nebit önümlerini öndürýän we başlangyç gaýtadan işlemegiň kuwwatlyklaryny ýüklemekde rekord görkezijileri görkezýän «TANEKO» nebiti gaýtadan işleýän we nebithimiýa zawodlar toplumynyň işi bilen tanyş boldular.

Wekiliýetiň agzalary şeýle hem «Nižnekamskaýa TES-iň» döwrebaplaşdyrylyşy bilen tanyş edildi. «Tatneftiň» maýa goýumlary TES-iň kuwwatyny 380 megawatdan 730 megawata çenli artdyrmaga mümkinçilik berdi. Türkmen ÝET-niň wekilleri «Tatneftiň» şina toplumynda bolup gördüler. Bu ýerde olara SMK-şinalar gurluşynyň artykmaçlyklary görkezildi.

Türkmen wekiliýeti şeýle hem nebit çykarýan we nebiti gaýtadan işleýän pudaklaryň hünärmenleri we işgärleri taýýarlaýan we olaryň hünär derejesini ýokarlandyrýan Almetýew döwlet nebit institutyna (ADNI) we «Tatneft AGPJ SPK» baryp gördüler.

Saparyň dowamynda «Tatneftiň» innowasion tehnologiýalaryna aýratyn üns berildi. Türkmen hünärmenleri «Almetýewneft-iň» «ARMITS» geologo-tehnologik merkeziniň we maglumat toplumynyň, «Tatneft» kompaniýasynyň modelleşdirmek merkeziniň, Inženerçilik merkeziniň işi bilen tanyş boldular

Türkmen wekiliýeti şeýle hem Buraw işleriniň dolandyrmak merkezine, Guýynyň içindäki kynçylyklary aradan aýrymak boýunça merkezine baryp gördüler we kynçylykly guýulary düýpli abatlamagyň tehnologiýalary we enjamlary bilen tanyş boldular. Şeýle hem «Almetýewneft» we «Ýelhowneft» nebitgazçykaryş müdirlikleriniň birnäçe önümçilik desgalaryna baryp gördüler.

Geçirilen duşuşyklaryň we gepleşikleriň netijeleri boýunça taraplar iki tarapyň hem bähbitlerine laýyk gelýän köpugurly hyzmatdaşlygy giňeltmek barada belläp geçdiler.

 

Meňzeş täzelikler

2014