Türkmenistanyň wekiliýeti Kazanyň geologiýa we nebitgaz tehnologiýalary institutynyň iş tejribesi bilen tanyşdy

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Maksat Babaýew anna güni geçen hökümet mejlisiniň barşynda 22-24-nji sentýabry aralygynda döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygy boýunça Türkmenistanyň wekiliýetiniň Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasyna bolan gulluk iş saparynyň netijeleri barada hasabat berdi. Saparyň barşynda wekiliýetiň agzalary Kazan Federeal uniwersitetiniň Geologiýa we nebitgaz tehnologiýalary institutynyň ylmy-barlag işi hem-de okuw binýady bilen tanyş boldular.

Geçirilen duşuşyklaryň dowamynda öňdebaryjy tehnologiýalary we burawlamak, awtomatlaşdyrmak, telemehanizasiýa we nebitgaz ulgamynda önümçilik proseslerini merkezleşdirmek ulgamynda häzirki zaman ylmy-tehniki oýlap-tapyşlary tejribä ornaşdyrmak meselelerine aýratyn üns berildi.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň nygtaýşy ýaly, Russiýa Federasiýasynyň dürli sebitleri bilen özara bähbitli işewür gatnaşyklaryň ýola goýulmagy netijeli hyzmatdaşlygyň aýdyň mysalydyr.

Soňky ýyllarda Türkmenistan bilen Tatarystan Respublikasynyň arasynda bar bolan hyzmatdaşlygyň ägirt uly köpugurly mümkinçiliklerine, şol sanda iki tarapyň hem bähbitlerine laýyk gelýän nebitgaz ulgamynda hyzmatdaşlyga aýratyn üns berilýär, diýip döwlet Baştutany belledi.

 

Meňzeş täzelikler

2014