Nebitiň bahalary peselýär: Brent - $56,54, WTI - $51,51

Brent kysymly nebitiň noýabrdaky fýuçersleriniň bahasy 2-nji oktýabrda 7:48 wagta çenli ýagdaýa görä, 25 sent (0,4 göterim) aşaklap – barreli 56,54 dollara deň boldy. WTI kysymly nebitiň noýabrdaky fýuçersleriniň bahasy 16 sent (0,3 göterim) ýokarlanyp, barreli 51,51 dollara deň boldy.

29-njy sentýabrdaky söwdalaryň netijeleri boýunça Brent kysymly nebitiň noýabrdaky şertnamasynyň bahasy Londondaky ICE Futures biržasynda 0,13 dollar (0,2 göterim) ýokarlanyp, barreli 57,54 dollara deň boldy. WTI kysymly nebitiň noýabrdaky fýuçersleriniň bahasy Nýu-Ýorkdaky NYMEX haryt biržasynda 0,11 dollar (0,2 göterim) gymmatlap, barreli 51,67 dollara deň boldy, diýip Finmarket habar berýär.

Meňzeş täzelikler

2014