Aşgabatda ýokary derejedäki türkmen-russiýa gepleşikleri dowam edýär

«Oguzhan» Prezident Köşkler toplumynda ýokary derejedäki türkmen-russiýa gepleşikleri dowam edýär. Olar ikiçäk görnüşde başlandy, soňra giňişleýin düzümde – iki ýurduň resmi wekiliýetleriniň gatnaşmagynda dowam etdi.

Russiýanyň Prezidentiniň şu saparyna Türkmenistanda iki ýurduň arasyndaky strategiki hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny has-da pugtalandyrmagyň hem-de olary hil taýdan baýlaşdyrmagyň ýolunda möhüm tapgyr hökmünde garalýar.

Ýokary derejedäki ikitaraplaýyn duşuşyklar döwletara hyzmatdaşlygyna hemişe gerekli depginleri berýär, hyzmatdaşlyk etmegiň häzirki we geljegi uly maksatnamalaryny hem-de meýilnamalaryny kesgitlemäge we ýerine ýetirmäge anyk ugurlar bolup hyzmat edýär.

Gepleşikleriň dowamynda Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistan bilen Russiýanyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 25 ýyllygynyň bellenilýän ýylynda Russiýanyň Lideriniň bolup geçýän saparynyň aýratyn ähmiýetini belledi. Bu sene ýurtlaryň ikisinde hem birnäçe möhüm çäreleriň geçirilmegine beslendi. Bu barada aýtmak bilen, döwlet Baştutany bu waka uly üns berlendigi üçin russiýaly hyzmatdaşlarymyza minnetdarlyk bildirdi.

Iki ýurduň arasynda hyzmatdaşlygyň uly şertnama-hukuk binýady işlenip taýýarlanyldy, ol häzirki günde döwletara we hökümetara resminamalarynyň 115-sinden hem-de pudagara resminamalarynyň 76-syndan ybaratdyr. Olar dürli ugurlary öz içine alýar. Bu bolsa däp bolan ugurlarda hem-de hyzmatdaşlygyň täze ulgamlarynda bilelikde işlemegiň uly mümkinçiliginiň bardygyndan habar berýär.

Türkmenistan Russiýa bilen sebit we halkara howpsuzlygyny pugtalandyrmak meselelerinde işjeň hyzmatdaşlyk edýär. Ikitaraplaýyn özara gatnaşyklaryň hem-de iri halkara guramalaryň çäklerinde Russiýa tarapy bilen bilelikdäki işleri utgaşdyrmagyň derejesi däp boýunça ýokary bolmagynda galýar.

Söwda-ykdysady hem-de medeni-ynsanperwer aragatnaşyklar yzygiderli ösdürilýär. Şu ugurlar boýunça Russiýa Federasiýasynyň sebitleri—Sankt-Peterburg şäheri, Tatarystan Respublikasy, Astrahan oblasty we beýleki sebitler bilen hyzmatdaşlyk giňeldilýär.

Umuman, biz döwletara gatnaşyklarynyň many-mazmunyna ýokary baha berýäris. Olaryň esasynda hoşniýetli goňşuçylygyň, birek-birege hormat goýmagyň we ynanyşmagyň taryhy däpleri, uzakmöhletleýin maksatlaryň hem-de bähbitleriň umumylygyna düşünilmegi durýar.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistan bilen Russiýanyň arasyndaky syýasy-diplomatik gatnaşyklaryň ýokary derejesini aýratyn belledi. Bu ugurda hyzmatdaşlyk durnukly, strategiki häsiýete eýedir. Ony özara düşünişmeklik, dünýä we sebit syýasatynyň möhüm meseleleri boýunça çemeleşmeleriň ýakynlygy ýa-da gabat gelýändigi tapawutlandyrýar.

Munuň özi abraýly halkara guramalarynda, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasynda, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynda, sebitleýin düzümlerde iki ýurduň ýola goýlan ulgamlaýyn özara gatnaşyklarynda aýdyň ýüze çykýar. Türkmenistan Russiýa bilen strategiki durnuklylygyň saklanmagy, ählumumy parahatçylygyň we howpsuzlygyň goldanylmagynyň binýady hökmünde halkara hukugynyň ornunyň pugtalandyrylmagy, dawalaryň we gapma-garşylyklaryň çözülmeginde BMG-niň Tertipnamasynyň esasynda syýasy-diplomatik serişdeleriň ileri tutulmagy ugrunda yzygiderli çykyş edýär.

Biz Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistanyň Bitarap daşary syýasat ugruny, biziň başlangyçlarymyzy, şol sanda halkara hyzmatdaşlygynyň energetika we ulag ulgamy ýaly möhüm ugurlary boýunça başlangyçlarymyzy goldaýandygyna ýokary baha berýäris. Bu barada aýtmak bilen, döwlet Baştutanymyz Birleşen Milletler Guramasynda türkmen tarapynyň teklipleri ara alnyp maslahatlaşylanda Baş Assambleýanyň biziň ýurdumyzyň öňe süren taslamalarynyň awtordaşy hökmünde çykyş edip hem-de BMG-niň dürli ýöriteleşdirilen edaralarynyň agzalygyna Türkmenistany goldap, Russiýanyň hemişe görkezýän yzygiderli we anyk maksatly hereketlerini aýratyn belledi. Şunuň bilen baglylykda, Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow russiýaly kärdeşine tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.

Öz nobatynda, Türkmenistan hem BMG-de Russiýanyň köpsanly başlangyçlarynyň yzygiderli tarapdary hökmünde çykyş edýär. Ýurdumyz dürli ýyllarda halkara möçberinde korrupsiýa garşy hereket etmek babatda, kiberhowpsuzlyk, älem giňişliginde ilkinji bolup ýarag ýerleşdirmezlik we beýleki ulgamlarda Russiýa tarapynyň başyny başlan taslamalarynyň Kararnamalarynyň awtordaşy bolup çykyş etdi. Türkmenistan BMG-niň edaralaryna hem-de ýöriteleşdirilen institutlaryna geçirilen saýlawlarda Russiýanyň we onuň wekilleriniň bähbidine ençeme gezek ses berdi.

Türkmen-Russiýa hyzmatdaşlygy halkara terrorçylyk, narkotrafik, serhetüsti jenaýatçylyk ýaly möhüm wehimlere we çagyryşlara netijeli jogap bermegiň anyk ýagdaýy bolup durýar diýip, döwlet Baştutany biziň ýurdumyzyň BMG-niň terrorçylyga garşy Ählumumy strategiýasyny ýerine ýetirmek babatda Russiýa bilen mundan beýläk-de bilelikde işlemäge taýýardygyny tassyklady.

Daşary işler ministrlikleriniň derejesindäki gatnaşyklar daşary syýasat ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň möhüm ugry bolup çykyş edýär. Olar yzygiderli we ulgamlaýyn häsiýete eýe bolup, ikitaraplaýyn gatnaşyklarda ýüze çykýan meseleleri çözmäge, taraplaryň hereketlerini utgaşdyrmaga hem-de halkara we sebitleýin gün tertibindäki ol ýa-da beýleki üýtgeşmelere dessine täsir etmäge mümkinçilik berýär.

Meňzeş täzelikler

2014